Mary halkara howa menzili

Howa menziliniň taryhy

Mary halkara howa menziliniň taryhy 1968-nji ýyldan gözbaşyny alyp gaýdýar. Şol ýylda Aşgabat-Mary-Aşgabat ugry boýunça LI-2, LI-14. LI-18 howa gämilerinde yzygiderli gatnawlar ýerine ýetirilip başlanýar. Howa menzilinde esasy ulanylýar howa gämileriniň biri hem AN-2 uçary bolupdyr. AN-2 uaçrlarynda Mary halkara howa menzilinden welaýatlara yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirilipdir. Marynyň aýratyn eskadriliýa birleşmesiniň uçarmanlar topary, ulag gatnawlaryndan başga-da oba hojalyga hem uly goşantlaryny goşupdyrlar 1978-nji ýylda 2 sany uçuş-gonuş zolaklary gurulýar. Şol ýylda ýolagçy terminalynyň hem durky täzelenip, AN-24 uçarlarynda yzygiderli gatnawlary ýerine ýetirmäge mümkinçilik döredýär. Türkmenistan döwletimiz Garaşsyzlygyny gazanandan soň, Raýat awiasiýasynyň täze eýýamy başlanýar. Boenig kompaniýasynyň ýokary rahatlylykly howa gämileri satyn alynýar. Döwlet awiasiýasynda, howa gämileriniň birnäçe täze ugurlary boýunça gatnawlar açylýar. Köpçüligiň isleg bildirýän ulagynyň biri bolup, Raýat howa floty gatnawlaryň ýokary depginli ösüşleri üpjün edýär.