ÝÜKDE WE EL GOŞGLARYNDA ÝANYŇ BILEN ALYP GITMEK GADAGAN EDILÝÄN ZATLAR: Маgnit materiallar Güýçli täsir ediji we psihiki ýagdaýyň bozulmagyna getiriji enjamlar Radioaktiw serişdeler Zäherleýji we awuly serişdeler, ýokanç materially gaplar, simap, antifriz, tormoz suwuklygy we ş.m. Gysylan we suwuklandyrylan gazlar: propan we ş.m., özüňi goramak üçin gazly ballonjyklar,zažigalkalar (absorlinmedik suwuk ýangyçsyz uly bolmadyk bir zažigalkadan başga, ýanyňdaky suwuklandyrylan gazdan başga) we ş. m. Aňsat ot alýan serişdeler: аseton, benzin, otlyçöpler ( ýanyňdaky howpsuz otlyçöpleriň uly bolmadyk bir gabyndan başga) boýagly gapjagazlar we ş.m. Aňsat ot alýan gaty serişdeler: öz-özünden ot alýan ýa-da suw syçranda bada-bat ot alýan gazlary bölüp çykarýan serişdeler we ş.m. Posladyjy, çüýrediji serişdeler: simap, kislota, aşgarlar, organiki perekisler we ş.m. Partlaýjy hem-de şolar bilen içi doldurylan serişdeler: däriler, ok-ýaraglar, kapsulalar, detonatorlar, yşyk-ýagtylyk tehnikalary we ş.m Üns beriň: Howa menzilinde: «bomba», «kislota» ýa-da şulara meňzeş ýerliksiz sözler bilen oýun etmek bolmaz. Ýolagçy uçuşdan galdyrylyp, soňky aýdyňlaşdyryş işlerini geçirmek we jenaýat jogapkärçiligine çekmek üçin IIM-niň edaralaryna geçirilip bilner.