«Türkmenhowaýollary» agentliginiň Mary halkara howa menziliniň çäginde beton guýmaklyk işlerini alyp barmaklykda potratçyny saýlamak üçin bäsleşik yglan edilýär. Bäsleşige gatnaşmak üçin şularyň ýerine ýetirilmegi zerur: - Mary welaýatynyň Mary şäheriniň Gökje ýaşaýyş jaý toplumynyň Şajahan köçesiniň 1-nji “a” salgysy boýunça ýerleşýän «Türkmenhowaýollary» agentliginiň Mary halkara howa menziliniň Düýpli gurluşyk toparyna bäsleşige gatnaşmak barada ýüztutmany tabşyrmaly, onda ýüz tutmany berijiniň doly ady, hukuk ýagdaýy, bank rekwizitleri we dalaşgäriň esaslandyryjy resminmalary, habarlaşmak üçin telefon belgileri goşulmaly. - Tehniki tabşyrygy Mary halkara howa menziliniň Düýpli gurluşyk toparyndan almaly. - Bäsleşik ýüz tutmalaryny tabşyrmagyň iň soňky güni – 2023-nji ýylyň 1-nji iýuny - Ýokarda bellenen möhletden giç gelen bäsleşik ýüz tutmalar kabul edilmeýär. - Bäsleşik ýüz tutmalary ýerli wagt boýunça 14:00-dan sagat 16:30-a çenli kabul edilýär. - Has giňişleýin maglumat üçin şu aşakdaky görkezilen telefon belgileri boýunça ýüz tutup bilersiňiz 800522-6-31-17, 800522-6-30-93. Mary halkara howa menziliniň ýolbaşçylygy! Mary halkara howa menzili ýerüsti tehnikany satyn almak boýunça bäsleşik yglan edýär Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menzili ýerüsti tehnikany satyn almak boýunça açyk görnüşli bäsleşik yglan edýär Tendera gatnaşmak üçin: 1.Türkmenistanyň "Türkmenhowaýollary" agentliginiň Mary halkara howa menziliniň şertnama bölüminiň salgysyna (Türkmenistan, Mary şäheri, Gökje köçesi) aşakdaky resminamalary tabşyrmaly: kompaniýanyň doly ady, hukuk derejesi, hasaba alyş resminamalary, bu ugurda iş tejribesi, kompaniýanyň jogapkär wekiliniň adyna ynanç haty, onuň el we iş telefony görkezmek bilen tendere gatnaşmak üçin ýazmaça arza; bäsleşige gatnaşmak üçin ýerli kompaniýalar 70,00 manat (Goşulan baha üçin salgyt bilen bilelikde); Türkmenistanyň rezidenti bolmadyk daşary ýurt kompaniýalary 20 (ýigrimi) ABŞ dollary möçberde tender ýygymyny tölemeli (Goşulan baha üçin salgyt şu bahaň içinde hasaba alnan we bank harajatlary hasaba alynmadyk). Pul geçirmek üçin hasap belgisi ýazmaça arza berlen mahaly berler. Bäsleşik teklipleri Mary halkara howa menziliniň hasabyna pul serişdeleri geçirilenden soň seljerilýär. tehniki tabşyrygy Mary halkara howa menziliniň Şertnamalar ýa-da Gurluşyk bölüminden almaly Bellik: offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Ýerine ýetirilen işleriň tölegi Türkmenistanyň milli pul birliginde – manat görnüşinde amala aşyrylar. Bäsleşik teklipleri bildiriş çap edilen gününden başlap 20 (ýigrimi) iş günüň dowamynda sagat 09:00-dan 18:00-a çenli Mary halkara howa menziliniň Şertnamalar ýa-da Gurluşyk bölüminde kabul edilýär. Bellenen möhletden giç tabşyrylan bäsleşik teklipleri kabul edilmeýär. Goşmaça maglumat üçin aşakdaky telefon belgileri arkaly habarlaşyp bilersiňiz: 8-522-6-31-20 8-522-6-31-17