Awiakompaniýalar üçin


HALKARA HOWA MENZILI BARADA MAGLUMAT

Mary Halkara howa menzili Türkmenistanyň iň gadymy şäherleriniň biri bolan, baý taryhly Mary şäheriniň Demirgazyk-Gündogar böleginde 5 km uzaklykda ýerleşýär. Mary halkara howa menziliniň ýerleşýän ýeriniň amatlylygy peýdalanyp birnäçe tranzit gatnawlary ýerine ýetirýän daşary ýurt awiakompaniýalaryň howa gämilerine hyzmat edýär.

Ýewropa döwletlerinden, Günorta- Gündogar Aziýa döwletlerine, Russiýa federasiýasyndan, Okeaniýa we Awstraliýa ýurtlaryna, Orta Aziýadan Demirgazyk Afrika sebitine tranzit gatnawlaryny ýerine ýetirýän howa gämileriniň ugurlarynyň geografiýasy haýran galdyrýar.

Mary halkara howa menzili – bu elýeterliligiň we rahatlygyň nusgasydyr. Halkara howa menziliniň esasy ugurlary howa gämileriniň uçuşlaryny, gonuşlarynyň we müşderileriniň isleglerini kanagatlandyrýan gatnawlary bilen üpjün etmek bolup durýar. Awiagatnawlara bolan islegleriň gün-günden artýandygy Mary halkara howa menziliniň gazanýan üstünlikleriniň şaýady bolup durýar.

Mary Halkara howa menzili geografiki taýdan amatly ýerleşýär  we onuň köp ugurlara gatnaýan ulgamy bar, şonuň üçin hem köp sanly ýolagçylary gatnatmaga we köp mukdardaky ýükleri daşamaga hyzmat edýär. 

Mary Halkara howa menzili  iki sany uçuş we gonuş zolaklaryndan ybarat. Tehniki häsiýetnamalary boýunça uçuş we gonuş zolagy «4F» kysymly aerodromlara laýykdyr. 



UÇUŞ-GONUŞ ZOLAGY

2001-nji ýylyň aprel aýynda 36R-18L uçuş-gonuş zolagy 2500 metrden 2800 metre çenli uzaldylyp, abatlaýyş işleri tamamlandy. Uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen, COOPER-Crouse Hinds (ABŞ) kompaniýasynyň OWI-1 yşyk--signal enjamlary we ICAO CAT II derejesi boýunça gonuşa girmek üçin Thales Air SYS (Germaniýa) kompaniýasynyň önümi bolan ILS-420 radiomaýak ulgamy gurnalan.

2006-njy ýylda Boeing 777 kysymly, şehle hem uly fizulýažly howa gämilerine niýetlenen täze 36L — 18R uçuş-gonuş zolagy gurlup, ulanyşa goýberlen. Onuň uzynlygy 3800 metr bolup, giňligi 45 metre we göterijilik agramy 400 tonna deňdir. Howa gämileri üçin niýetlenen ýük perrony gurlup, merkezleşdirilen ýangyç guýujy ulgamy bilen üpjün edilen.



ÝOLAGÇY TERMINAL

2009-njy ýylda täze ýolagçy terminaly gurlan. Gysga wagtyň içinde 2 gatly umumy meýdany 5000 metr kwadrat bolan, häzirki zaman binasy guruldy. Ýolagçy terminalynyň gurluşygyny Türkmen gurluşykçylarynyň gatnaşmagy bilen Türkiýäniň “EFOR INŞAAT ÝATYRYM SANAÝY we Duş Tijared A.Ş.” kompaniýasy amala aşyrdy. Gurlan täze ýolagçy terminaly häzirki zaman talaplaryna gabat gelip, ýolagçylaryň doly rahatlygyny üpjün edýär. Ýolagçy terminalynyň geçirijilik ukyby sagatda 300 ýolagçy.

Ýolagçy terminalda goşlary ýükleri barlamak we taýýarlamak üçin otaglary, şeýle hem Awiasiýa howpsuzlygy, Gümrük, Serhet, Migrasiýa hem-de Karantin gulluklarynyň otaglary ýerleşdirilen.

Ýolagçylaryň rahatlygy üçin, maglumat tablolar, 1-nji we 2-nji gaty birikdirýän eskalator mehanizmi göz öňünde tutulan.

Ýolagçylaryň uçuşa garaşýan zaly, şeýle hem binanyň içinde CIP ýolagçylara hyzmat edýän zaly ýerleşdirilen. Binanyň 2-nji gatynda dükan, kafe we çagaly eneler otagy ýerleşdirilen. Ýolagçylaryň rahatlygy üçin, binada pul alyş-çalyş nokady, bankomatlar, goş saklanýan otagy, sorag-jogap nokady hem-de lukmaçylyk kömegi nokady ýerleşdirilen.


                                                                                             Biziň hyzmatdaşlarymyz