Awiasiýa howpsuzlyk gullugy (gorag topary, gözegçilik we barlag topary)



   Awiasiýa howpsuzlygyny üpjün etmeklik hökmanylygy we zerurlygy Mary halkara howa menziliniň işleriniň durnuklylygyny kepillendirýär.

    Gije-gündiz, howanyň ähli şertlerinde halkara howa menziliniň hünärmenleri ýolagçylaryň, howa gämisiniň ekipažynyň, hünärmenleriň jan saglygynyň howpsuzlygyny hem-de binalaryň we howa gämileriniň goragyny üpjün edýär.
 
Gullugyň hünärmenleri häzirki zaman tehniki howpsuzlyk ulgamlar we ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan. Ýolagçylaryň ýüklerini we el goşlaryny barlamak üçin, «RAPISCAN» (Beýik Britaniýa) kompaniýasynyň enjamlary ulanylýar.