Goşlary geçirmegiň düzgünleri



Goşlary geçirmegiň düzgünleri
Hökmany suratda öz awiakompaniýaňyzyň ýanyňyza almaga rugsat berýän goşlarynyň ölçeglerini anyklaň. Adatça, biznes-klasyň ýolagçylary tölegsiz  ortaça 40 kg., ekonom-klasyň ýolagçylary bolsa — 20 kg. ölçegdäki ýüki öz ýanlary bilen alyp bilýärler. Biznes-klasda däp bolşuna görä el goşlary 10–15 kg.- dan, ekonom klasda bolsa — 8 kg.-dan geçmeli däldir.

Möçberden artyk goşlar — bular agramy ýa-da mukdary siziň klasyňyz üçin awiakompaniýa tarapyndan mugt bellenen möçberden artyk  goşlar hasaplanýar.
Möçberden ýokary geçýän goşlar üçin (bir ýerlik goşuň göwrümi 50х50х100 sm-den artyk bolanda) awiakompaniýa goşmaça töleg alýar. Olaryň  terezide agramy  çekilensoň we resmileşdirilensoň howa menziliň işgäri zerur maglumatlary görkezip, sizi töleg kassasynyň ýa-da awiakompaniýanyň wekiliniň ýanyna ugradar. Artyk  goşlaryň tölegi gatnawy amala aşyrýan kompaniýa tarapyndan kesgitlenýär. Töleg howa menziliniň kassasynda ýa-da awiakompaniýanyň ofisinde tölenýär, siz tölegli goşuň kwitansiýasyny alyp, ony hasaba alýan işgäre görkezmelisiňiz we ol size uçara münmek üçin talon berer.

Awiakompaniýanyň ofisinde rugsat berilýän möçberden artyk el goşlaryny alyp gitmegiň şertlerini öňünden soramagy unutmaň!
«Ýitirilen we zaýalanan goşlaryň» hyzmatlary hakynda:
+ 993 522 6-31-74
belgli telefon boýunça has anyk maglumatlary alyp bilersiňiz, şeýle-de Mary Halkara howa menziliniň soraglara jogap berýän şu aşakdaky telefonlaryndan maglumat soraň:
+ 993 5 22 6-70-06.


Gatnawa kabul edilmeýä goşlar we zatlar

Ýolagçy goş hökmünde howa gämisindäki emläge zeper ýetirip biljek, aşakda görkezilen zatlary almaly däldir:

1. Ot açyan we sowuk ýaraglaryň görnüşleri.
2. Partlaýjy maddalar we olar bilen bagly bolan zatlar, partlayjy serişdeler.
3. Gysylan we yakyjy gazlar.
4. Aňsat ot alýan suwuklyklar.
5. Ot alýan gaty jisimler.
6. Awuly we zäherleyji jisimler.
7. Iýiji we poslaýjy jisimler.
8. Şeyle hem ýolagçylaryň we ekipažlaryň janyna howp araýan başga jisimler we zatlar.

Howply jisimler we zatlar Poçta we ýük gatnawy guraýan gullugynda yük ýaly resmileşdirilýär.

Gadagan howply zatlaryň we jisimleriň doly sanawy "Türkmenistanyň howa gämisinde howply ýükleri daşamagyň tertipnamasynda" ýerleşdirilýär. Şu görkezilen maglumatlary Siz howa menziliniň sorag-jogap nokadyndan we Awiasiya howpsuzlyk gullugyndan doly alyp bilersiňiz.





Инструкция по перевозке опасных грузов

Руководство по перевозке опасных грузов

Правила провоза багажа

TRANSPORTATION OF BAGGAGE

El goşy äkitmegiň düzgünleri