Uçuşyň öň ýanyndaky barlag


Uçuşyň öň ýanyndaky barlag

    «El goşlaryny, ýükleriniň we raýat howa gämileriniň ýolagçylarynyň şahsy barlagyny geçirmegiň  hem-de raýat howa gämilerinde ýanyň bilen alyp gitmek gadagan zatlary, ýükleri we predmetleri almagyň tertibi hakyndaky» gözükdirijini ýerine ýetirmek.

     Howa menzillerde  howa gämileriniň, şol sanda ýurduň üstünden geçýän, edil içki gatnawlarda bolşy ýaly halkara gatnawlarynda  ýolagçylaryň el goşlarynyň, ýükleriniň we  olaryň şahsy barlagy:  uçuşlaryň howpsuzlygyny, ýolagçylaryň we ekipažlaryň agzalarynyň jan saglygyny goramagy, raýat howa gämilerini  zor bilen basyp almaga (alyp gaçmaga)  we jenaýatçylar topary tarapyndan raýat awiasiýasynyň işine bikanun goşulmagyň beýleki hadysalaryna synanyşyklaryň  mümkinçilikleriniň öňüni almagy, şeýle-de ýolagçylara howa raýat gämilerinde gadagan edilýän howply serişdeleriň we jisimleriň sanawynda göz öňünde tutulýan partlaýjy, zäherleýji, basym  ýanýan, radioaktiw serişdeleri, ýaraglary we ok-därileri we beýleki howply ýükleri we predmetleri ýanyň bilen bikanun alyp gitmegiň öňüni almagy üpjün etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

       Barlaglaryň esasy wezipesi:  howa gämilerini basyp almak (alyp gaçmak) ýa-da adatdan daşary hadysalaryň sebäbi bolup biljek maksatlar üçin uçarlaryň ekipažyna we ýolagçylara hüjüm etmegiň ýaragy hökmünde ulanylyp bilinjek predmetleri we serişdeleri ýanyna alan adamlaryň raýat uçarlaryna münmäge synanyşyklaryny özwagtynda duýdurmakdan we şol synanyşyklaryň öňüni almakdan ybaratdyr.










Uçuşyň öň ýanyndaky barlaglardan geçmek üçin ýolagçynyň elinde pasport we uçyş petegi bolmalydyr.
Pasport we gümrük gözegçiligi zolagynda islendik surata we wideo düşürmegiň gadagan edilýändigini Size ýatladýarys.