Ýangyç-çalgy serişdeleri gullugy


Uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek şerti bilen, howa gämilere öz wagtynda
ýangyç guýmak üçin barlaghananyň we aerodrom gözegçilik hiliniň barlagyny geçen
awiaýangyçlary kabul etmek hem-de ulanyşa goýbermek gullugyň esasy ugry bolup
durýar.
Awiaýangyç üpjünçiligi gullugynyň işiniň esasy ugurlary:

  • Görkezilen tertipde rugsat berilýän awiaýangyç we ýörite suwuklyklar bilen üpjün etmek;
  • Mary halkara howa menzilinde ulanylýan doňaklyga garşy suwuklyklary kabul etmek, saklamak we ýörite tehnikalara bermek;
  • Gulluga degişli ugurlarda uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini üpjün etmek.
  • Awiaýangyç üpjünçiligi gullugynyň sertifikatlaşdyrma işlerini üpjün etmek.

Awiaýangyjyň hilini saklamak üçin Mary halkara howa menzilinde barlaghana bar.