Ýöriteleşdirlen awtoulaglar gullugy
Howa menzili toplumynyň önümçilik işlerini ýerine ýetirmek üçin 30-dan gowrak ýöriteleşdirilen tehnikalar hyzmat edýär.
Ýöriteleşdirilen ulaglar gullugynyň esasy ugurlary we maksatlary:
- tehniki we yzgider gatnawlaryň howa gämilerini tehniki we täjirçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýörite awtoulaglar bilen üpjün etmek;
- aerodromy ulanmak üçin hyzmat etmeklige niýetlenen ýörite awtoulaglar we mehanizmler bilen üpjün etmek;
- ulag sargytlary we ýük gatnatmagy ýola goýmak;
Ýörite tehnikalary gurat saklamaklyk üçin, gullugyň düzüminde gerekli enjamlar, ätiýaçlyk şaýlary we ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen abatlaýyş ussahanasy bar.