25-nji oktýabrda öz işine başlan «Türkmenistanyň nebiti we gazy — 2023» atly XXVIII halkara maslahatyna we sergisine gatnaşyjylara Hormatly Prezidentimiziň gutlag hatynda "Türkmenistan häzirki wagtda «mawy ýangyjy» Hytaý Halk Respublikasy, Russiýa Federasiýasy, Azerbaýjan Respublikasy, Özbegistan Respublikasy ýaly döwletlere eksport edýär – diýlip, bellenilip geçilýär. – Türkmen tebigy gazyny Aziýanyň günorta-gündogaryna eltjek, sebitiň iri taslamasy bolan Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň gurluşygynda daşary ýurtly işewürlere hyzmatdaşlyk etmäge uly mümkinçilikler bardyr. Bu gaz geçirijiniň gurluşygynyň amala aşyrylmagy sebitiň ähli döwletleriniň ykdysadyýetiniň pugtalanmagyna oňaýly täsirini ýetirer. Hazarüsti gaz geçirijisi hem türkmen tebigy gazyny Ýewropa döwletlerine çykarmakda geljegi uly iri taslamalaryň hatarynda durýar. 27-nji oktýabra çenli dowam etjek bu foruma 40-a golaý döwletden 400-den gowrak wekiliýetleriň gatnaşmagy meýilleşdirilýär.
Mary

°C