Ýurdumyz hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna esaslanýan daşary syýasy ugry yzygiderli durmuşa geçirip, ikitaraplaýyn, şeýle hem köptaraplaýyn görnüşde netijeli gatnaşyklary ösdürýär. Türkmenistan ählumumy gün tertibiniň derwaýys meseleleriniň çözgütlerini işläp taýýarlamakda öňdebaryjy orny eýelemek bilen, ählumumy abadançylygyň bähbidine parahatçylygy , howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmek, netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça tagallalary birleşdirmäge saldamly goşant goşýar. Iri daşary syýasat çäräniň dowamynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow çuň manyly çykyş edip, birnäçe oňyn teklipleri öňe sürdi. HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga, şeýle hem Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew gatnaşdylar. Ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Mary

°C