Häzirki wagta çenli Türkmenistanda 1 million 200 müň tonnadan gowrak bugdaý hasyly tabşyryldy. Bu barada wise-premýer T.Atahallyýew duşenbe güni geçirilen sanly ulgam arkaly iş maslahatynda Türkmenistanyň Prezidentine hasabat berdi. Wise-premýeriň belleýşi ýaly, ýurdumyzda häzirki wagtda galla oragy dowam edip, ýygnalan hasyly galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de olary talabalaýyk ýerleşdirmek, önüm öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary öz wagtynda geçirmek, indiki ekiş möwsüminde ulanyljak bugdaý tohumyny taýýarlamak boýunça degişli çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda pagtaçy daýhanlar tarapyndan hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär. Maslahatyň barşynda welaýat häkimleri ýerlerde möwsümleýin oba hojalyk işleriniň ýagdaýy barada hasabat berdiler. Balkan we Daşoguz welaýatynyň häkimleri galla oragy boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli berjaý edendiklerini habar berdiler. Serdar Berdimuhamedow ösdürilip ýetişdirilen bugdaý hasylynyň soňky dänesine çenli ýygnalyp alynmagyny, ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlaryndaky agrotehniki çäreleriň talabalaýyk geçirilmegini gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy. Döwlet Baştutany häzirki wagtda jogapkärli möwsüm bolan galla oragynyň tamamlanyp barýandygyna ünsi çekip, edermen gallaçylaryň bugdaýyň her bir dänesini yrýa etmän ýygnap aljakdyklaryna berk ynam bildirdi.