«Türkmenaragatnaşyk» agentligi hem-de ýurdumyzyň Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan «Türkmentel — 2023» atly XVI halkara sergisi we ylmy maslahaty ýurdumyzda telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň ýeten sepgitlerini açyp görkezdi. Ýurdumyzyň dünýä tejribesindäki täzeçilliklere açykdygyny, milli bähbitlerini göz öňünde tutup, ähli döwletler bilen ýakyn aragatnaşygy ýola gaýmaga taýýardygyny nobatdaky foruma Azerbaýjandan, Gazagystandan, Hytaýdan, Gyrgyzystandan, Koreýa Respublikasyndan, Russiýadan, ABŞ-dan, Türkiýeden, Fransiýadan, Şweýsariýadan, Ýaponiýadan we beýleki ýurtlardan wekiliýetleriň gatnaşmagy hem şaýatlyk edýär. Olar daşary ýurtlaryň aragatnaşyk, telewideniýe ulgamlary boýunça döwlet düzümlerine, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalaryna wekilçilik edýän ýokary tehnologiýaly enjamlary öndürijiler we iberijiler, täze tehnologiýalary, IT hyzmatlaryny, programma üpjünçiliklerini işläp düzüjiler, aragatnaşyk we kontent-prowaýder ulgamlarynyň iri halkara operatorlarydyr. Şolaryň hatarynda Türkmenistanyň öňden gelýän hyzmatdaşlary we netijeli gatnaşyklary täze ugurlar boýunça dowam etdirmegi maksat edinýän «Thales Аlenia Space», «Nokia», «Huawei», «WNS», «Eling», «Geedge Networks», «Eutelsat», «Kazakhtelecom», «Tranzit Telecom», «AMD», «Rostelecom» kompaniýalary we beýlekiler bar.