Mary halkara howa menziliniň Howa hereketini dolandyryş gullugynyň dispetçerleri öz işinde döwlet awiasiýasyna degişli bolan, harby awiasiýa, milli howpsuzlyk, içeri işler edaralarynda, serhet, gümrük, sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş gulluklarynda ulanylýan ýa-da Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň çözgüdi boýunça beýleki döwlet dolandyryş edaralarynyň ygtyýarynda durýan howa gämilerini we dikuçarlaryny, daşary ýurt awiakompaniýalarynyň howa gämileriniň uçuşlaryny amala aşyrýar. Dispetçerler, howa trassalarda, aerodromyň zolagynda we ýerde özüne degişli bolan howa giňişliginde we araçäklerinde, Howa gämileriniň (uçarlar, dikuçarlar) uçuşlaryny, nawigasiýa we radiotehniki serişdeleri arkaly amala aşyrýarlar. Şonuň bilen bagly, dispetçerler uçuşlar ýerine ýetirlende howa gämileriniň ekipažlaryň, ýolagçylaryň howpsuzlygyny gönimel berjaý edýärler.