Uçuşlaryň elektro yşyklandyryş tehniki üpjünçiligi gullugy howa gämileriniň uçuşlaryny hem-de awiakärhananyň gulluk we önümçilik desgalaryny senagat ýygylykly elektrik energiýasy bilen üpjün edýär. UEYTÜG-na berkidilen serişdeler: Uçuş-gonuş ulgamlarynyň elektro we yşyklandyryş tehniki kompleksi, transformator beketleriniň we awtanom elektrik beketleriniň elektrik enjamlary, howa we kabel elektrik ulgamlary, awiakärhanasynyň desgalarynyň, gulluklarynyň we bölümleriniň elektrik enjamlary hem-de yşyklandyryş enjamlary. Howa menziliniň gulluklarynda we bölümlerinde elektrik enjamalaryny ulanmakda gullugyň jogapkärçilik araçägi UEYTÜG-nyň Gollanmasy esasynda kesgirlenýär.