Uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek şerti bilen, howa gämilere öz wagtynda ýangyç guýmak üçin barlaghananyň we aerodrom gözegçilik hiliniň barlagyny geçen awiaýangyçlary kabul etmek hem-de ulanyşa goýbermek gullugyň esasy ugry bolup durýar. Awiaýangyç üpjünçiligi gullugyň işiniň esasy ugurlary: Görkezilen tertipde rugsat berilýän awiaýangyç we ýörite suwuklyklar bilen üpjün etmek. Mary halkara howa menzilinde ulanylýan doňaklyga garşy suwuklyklary kabul etmek, saklamak we ýörite tehnikalara bermek. Gulluga degişli ugurlarda uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini üpjün etmek. Awiaýangyç üpjünçiligi gullugynyň sertifikatlaşdyrma işlerini üpjün etmek. Awiaýangyjyň hilini saklamak üçin Mary halkara howa menzilinde barlaghana bar.