Howa menzili toplumynyň önümçilik işlerini ýerine ýetirmek üçin 30-dan gowrak ýöriteleşdirlen tehnikalar hyzmat edýär. Ýöriteleşdirilen ulaglar gullugynyň esasy ugurlary we maksatlary: - Tehniki we yzygider gatnawlaryň howa gämilerini tehniki we täjirçilik hyzmatlaryny ýerine ýetirmek üçin ýörite awtoulaglar bilen üpjün etmek; - aerodromy ulanmak üçin hyzmat etmeklige niýetlenen ýörite awtoulaglar we mehanizmler bilen üpjün etmek; - Ulag sargytlary we ýük gatnatmagy ýola goýmak; Ýörite tehnikalary gurat saklamak üçin, gullugyň düzüminde gerekli enjamlar, ätiýaçlyk şaýlar we ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün edilen abatlaýyş ussahanasy bar.