Uçuşlarda gözleg-heläkçilikde halas edişi üpjün etmek üçin Mary halkara howa menzilinde koordinasiýa merkezi düzüldi we ol merkez adatdan daşary ýagdaýlarda çalt we sazlaşykly hereket etmegi üpjün edýär. Mary halkara howa menzili ýangynda goramagy 8-nji derejeli üpjün edýär. - Ýolagçylary hem-de ekipaž agzalaryny, wajyp enjamlary we ýükleri, şeýle hem awiasiýa tehnikalaryny awiasiýa hadysalarynda halas etmek; - Adatdan daşary ýagdaýlar dörän halatynda gözleg heläkçilikde halas ediş işlerini geçirmek; - Heläkçilige uçran howa gämisiniň ýerüsti gözleg heläkçilikde halas ediş topary bilen amala aşyrmak we halas ediş işlerini geçirmek; - Ýangyna garşy göreşmegi üpjün etmek, adamlary halas etmek we howa menziliniň ýerüsti obýekt ýangynyny söndürmek; - Kärhananyň çägindäki adatdan daşary ýagdaýlar dörände halas ediş işini geçirmek. Ýangyna garşy, halas ediş enjamlary ýangyna garşy tehnikalaryň ýaraglary hem-de ýangyndan halas ediş stansiýasynda şahsy düzümi bolýar (PSR).