Ýolagçylara we poçta ýük daşamalaryna hyzmat edýän gulluk howa menziliniň önümçilik gullugy bolup, ol ýalagçylara hyzmat etmek, goşlary, ýükleri we poçtalary taýýarlap, ýerli hem-de halkara gatnawlarda ugratmagy üpjün edýär. Ýolagçylara we poçta ýük daşamalaryna hyzmat edýän gullugy 2 sany önümçilik bölegine bölünýär: - Awiabilet satmak boýunça topary; - Ýolagçylary gatnatmaga hyzmat edýän topary; Uçuşlaryň howpsuzlygyny we yzygiderliligini üpjün etmek, müşderilere ýokary derejede hyzmat etmek gullugyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýolagçylara amatly hem-de ýokary derejede hyzmat etmek üçin, Mary şäherinde awiabilet satuw nokady bar.