Mary halkara howa menziliniň Saglygy goraýyş nokadynyň işgärleri öz işinde: Howa ulaglarynyň ýolagçylaryna ilkinji kömegini bermek; Raýat awiýasiýasynyň işgärlerine ilkinji kömegini bermek; Ýolagçylara, ýagny näsag ýolagçylara saglyk ýagdaýy sebäpli uçar gämisinde uçmaga garşylyklary barada düşündirip-maslahat bermek; Keseli boýunça garşylyklary bolmadyk,emma kömege mätäç näsag ýolagça lukmançylyk kömegini bermek we Ýo we PÝDHEG-nyň işgärleri bilen bilelikde uçar gämisine münmegine kömegini bermek; Näsaglar gelende olary garşylamaga, ilkinji kömek bermegi we gerek bolan ýagdaýynda “Tiz kömek” awtoulagy bilen olary bejeriş edaralaryna ugratmaga; Eneleriň we çagalaryň otagyna ugradylan ýagdaýynda çagalara gözegçilik etmek. Karantin kesellere we iýmit zäherlenmeleri güman edilen ýagdaýlarda kesel ýaýramagyna ilkinji garşy çäreleri geçirmek ýaly wezipeleri öz içine alýar.