Aşgabatda jemgyýetçilik ulaglarynyň ýol tölegini bank kartlary bilen tölemek mümkinçiligi girizildi

Sene : 15.05.2022


Aşgabat şäheriniň jemgyýetçilik ulaglarynda ýol tölegini Türkmenistanyň ähli banklarynyň «Altyn asyr» we «Maşgala» kartlary bilen amala aşyrmak mümkinçiligi ýola goýuldy. Bu babatda «Türkmenawtoulaglary» agentligi habar berýär.

Habarda täze hyzmatyň ähli şäheriçi awtobuslarynda ýola goýlandygy bellenilýär.

Ýol töleginiň talabalaýyk amala aşyrylmagy üçin walidatorlara galtaşyksyz töleg ulgamy (NFC) esasynda işleýän bank kartynyň bolmagy we onda ýeterlik pul serişdesiniň saklanmagy (bir gezeklik ýol töleginiň nyrhyndan az bolmadyk) zerurdyr.

Bu mümkinçilik şäheriçi ulaglarynda sanly ulgamy ornaşdyrmak we ýolagçylara edilýän ulag hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak maksady bilen ýola goýuldy.