Aşgabatda ýurdumyzyň ykdysady gazananlaryna bagyşlanan forum geçirildi

Sene : 21.09.2020


Düýn paýtagtymyzda Türkmenistanyň ykdysady üstünlikleriniň ýurdumyzyň Garaşsyzlyk gününiň 29 ýyllyk baýramyna bagyşlanan iki günlük sergisi we “Sanly ykdysadyýet-ykdysady ösüşiň möhüm ugry” atly ylmy-amaly maslahat geçirildi.

Giň möçberli sergi ykdysady ösüşiň we türkmen halkynyň durmuş hem-de ruhy ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriniň özboluşly ýylýazgysyna öwrüldi. Bu çäre halkymyzyň özboluşly medeni mirasynyň baýdygyny äşgär etdi.

Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan gözden geçirilişiň açylyş dabarasyna hökümet agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary we deputatlary, daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň hem-de halkara guramalaryň Türkmenistanda işleýän wekilleri, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň.hem-de köpçülikleýin habar beriş serişdeleriň ýolbaşçylary we işgärleri gatnaşdylar.

Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň giň möçberli çärä gatnaşyjylara iberen Gutlag hatyny uly ruhubelentlik bilen diňlediler. Onda Watanymyzyň nurana geljegini üpjün eden mukaddes Garaşsyzlygymyzyň döwletimiziň özygtyýarlylygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň hem-de bitewüliginiň, ykdysady we durmuş üstünliklerimiziň mizemez binýadydygy barada aýdylýar.

Milli Liderimiz Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe biziň parahatçylyga, döredijilige, ösüşe gönükdirilen içer hem-de daşary syýasatymyzyň, döwlet, halk, umumadamzat bähbitli beýik işlerimiziň we düýpli özgertmelerimiziň beýik maksada-Garaşsyz döwletimizi hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösdürmäge hem-de mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da gowulandyrmaga gönükdirilendigini belleýär.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow serginiň we maslahatyň ýurdumyzyň ykdysadyýetde, durmuş ulgamynda gazanýan üstünlikleri bilen giňden tanyşmak üçin ygtybarly çärä öwrüljekdigine ynam bildirdi.

Bu gezekki gözden geçirilişde onlarça fiirmalar we kompaniýalar, hususy telekeçiligiň wekilleri häzirki mümkinçiliklerini, geljekki ösüşini görkezmek bilen, 70-den gowrak bölümleriň üsti bilen öndürýjn önümleriniň ýokary hil derejesini we dürli görnüşli hyzmatlaryny hödürleýärler.

“Türkmenistan-Bitaraplygyň mekany” şygary astynda geçýän ýylda guralýan serginiň ähmiýeti has-da ýokary boldy. Bu ýyl ýurdumyz hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygyny dabaralandyrýar.