Aşgabatdaky beýikligi 38,5 metr bolan Baş arça yşyklaryny ýakdy

Sene : 17.12.2021


15-nji dekabrda Aşgabatda ýurdumyzyň Baş arçasynyň yşyklaryny ýakmak dabarasy geçirildi. Bu dabara, adatça, Täze ýyl baýramynyň öň ýanynda geçirilýär. Sekiz burçly hem-de «2022» diýen ýazgy bilen bezelen ajaýyp ýaşyl arça “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyndaky giň meýdançada gurnalan ertekiler şäherjiginde oturdyldy. Bu ýerde her ýyl Täze ýyl dabaralary guralýar.

Dürli öwüşgin saçýan şarlar we çyrajyklar, yşyklandyryjy bezeglerden emele gelen lybasa beslenen Baş arçanyň beýikligi 38,5 metre, göwrümi bolsa 16 metre deňdir. Ýeri gelende aýtsak, soňky ýyllarda Aşgabatdaky Baş arça GDA ýurtlarynyň paýtagt şäherleriniň Täze ýyl arçalarynyň arasynda beýikligi boýunça birinji orny eýeläp gelýär.

Baýramçylyk kerweni “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň ýanyna geldi. Bu ýerde ýurdumyzyň Baş arçasy köpöwüşginli yşyklary bilen ýalkym saçýar. Onuň ýanynda ertekiler dünýäsini ýada salýan, hemmeleriň söýýän baýramynyň barha ýakynlaşýandygy aýratyn duýulýar. Täsinlikler ýurdunyň girelgesinde myhmanlary dürli öwüşginlere beslenen türkmen halk ertekileriniň, çagajyklaryň söýgüli multfilmleriniň gahrymanlary garşy alýarlar.

Elbetde, şatlyk-şowhuna beslenen Täze ýyl dabarasynyň esasy pursady çagalaryň islegi hem-de Aýazbabanyň jadyly taýajygynyň gudraty bilen arçanyň yşyklarynyň ýakylmagy boldy. Dürli öwüşginli köp sanly çyralar täsin, şadyýan hem-de ruhubelent Täze ýyl baýramynyň barha golaýlaşýandygyny habar berýärler.

Dabara “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň öňündäki meýdançada gurnalan sahnadaky konsert bilen dowam etdi.

Paýtagtymyzdaky Baş arçanyň yşyklarynyň ýakylmagynyň yzysüre welaýatlarda “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki baýramçylyk lybasyna beslenen meýdançalardaky, şeýle hem ýurdumyzyň şäherleriniň we obalarynyň merkezlerindäki Täze ýyl arçalary hem öz yşyklaryny ýakdylar.