Daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen nobatdaky duşuşyklar we wideomaslahatlar geçirildi

Sene : 30.04.2020


Şu gün Aşgabatda ýerleşen BMG-niň wekilhanasynyň binasynda wideomaslahat geçirildi. Oňa Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleri hem-de ýurdumyzyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň wekilleri gatnaşdylar.

Onlaýn-duşuşygyň esasy maksady Türkmenistanda Ýokanç däl keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça 2021-2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamany işläp taýýarlamak, öňde goýlan wezipeleri çözmek maksadynda tejribe alyşmak hem-de umumy tagallalary birleşdirmek üçin möhüm ugurlary kesgitlemek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybaratdyr.

Türkmenistanda ýokanç däl keselleriň öňüni almak hem-de olaryň garşysyna göreşmek boýunça Aşgabat Jarnamasyny ornaşdyrmak babatda 2014 — 2020-nji ýyllar üçin kabul edilen Milli maksatnamada olary öz wagtynda ýüze çykarmak boýunça çäreleri güýçlendirmek göz öňünde tutuldy. Bu işler BSGG-niň Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň goldaw bermeginde häzir hem dowam etdirilýär.

Ýeri gelende aýtsak, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça ýurdumyzda 2021 — 2030-njy ýyllar üçin täze maksatnamany we hereketleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak üçin Ýörite işçi topary döredildi.

Halkara bilermenleriň çykyşlarynda bellenilişi ýaly, biziň ýurdumyzda saglygy goraýyş ulgamynda milli maksatnamalary amala aşyrmagyň çäklerinde üstünlikli işler dowam etdirilýär hem-de türkmen nusgasy döredilip, onuň esasynda ilata edilýän lukmançylyk hyzmatlaryny gowulandyrmak, türkmenistanlylary sagdyn durmuş ýörelgesine çekmek hem-de zyýanly endiklerden ýüz öwürmek ýaly wezipeler durýar. Saglygy goraýyş maksatnamalaryny amala aşyrmakda Türkmenistanyň tejribesi BSGG tarapyndan nusga alarlyk diýlip ykrar edildi hem-de olary peýdalanmak beýleki ýurtlara maslahat berildi.

Giňden ýaýran ýokanç däl keselleriň, şol sanda düwnük, ýürek-damar, süýji ýaly keselleriň öňüni almak we olaryň garşysyna göreşmek boýunça bilelikdäki işleriň käbir ugurlary söhbetdeşligiň aýratyn meselesi boldy.

Taraplar şeýle hem innowasion tehnologiýalara, milli we sebit derejesinde degişli lukmançylyk we barlaghana maglumatlaryna deňhukukly elýeterliligiň zerurdygyny aýratyn bellediler. Ýewropa sebiti boýunça edarasynyň bilermenleri Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Türkmenistana bu möhüm ugurda öz işläp düzen maslahatlaryny bermäge taýýardygyny aýtdylar.

29.04.2020