Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde Halkara howa menzili açyldy

Sene : 25.06.2021


    23-nji iýunda Hormatly Arkadagymyzyň gatnaşmagynda Lebap welaýatynyň Kerki şäherinde täze Halkara howa meniziliniň açylyş dabarasy boldy.

Täze Halkara howa menzilini «Türkmenhowaýollary» agentliginiň buýurmasy esasynda «Gündogdy» hususy kärhanasy bina etdi. Onuň ýolagçy terminaly iki gatdan ybarat bolup, bu ýerde ähli amatly şertler döredildi.

Sebitiň iri senagat merkezleriniň biri bolan Kerki şäherinde Halkara howa menziliniň gurulmagy ýurduň raýat awiasiýasynyň mümkinçiliklerini giňelder, howa ulaglary arkaly ýolagçy gatnatmagy we ýük daşamagy ýokary derejede amala aşyrmagy üpjün eder, sebitde syýahatçylygy ösdürmek, goňşy döwletler bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin amatly şertleri döreder.

Hormatly Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowyň 2019-njy ýylyň 22-nji fewralynda gol çeken Kararyna laýyklykda gurlan Halkara howa menizliniň geçirijiligi sagatda 100 ýolagça niýetlenen täze howa menziliniň taslamasy bu ulgamda täzeçil tehnologiýalar we öňdebaryjy gazanylanlar göz öňünde tutulyp ýerine ýetirildi.

Beýikligi 31,7 metr dolandyryş diňi bolan, umumy meýdany 2 müň 221 inedördül metr ýolagçy terminalynyň binasynyň keşbinde özboluşly bezeg we inžener-tehniki çözgütler beýanyny tapdy.

Terminalyň zallarynyň beýikligi 6 metrden 9 metre çenli bolup, aýnalary tutuşlygyna ultramelewşe goraglylygyna eýedir, olaryň bezeginde ýokary hilli durnukly serişdeler ulanyldy. Binada baş girelge göz öňünde tutulyp, onda ýük we el goşlary tabşyrylýan ýer, ilkinji gözden geçiriliş ýeri, petek kassalary, maglumat nokady, garbanyşhana, sowgatlyk önümler we gazet-žurnallar satylýan nokatlar, dermanhana, lukmançylyk otagy, gidýän ýolagçylaryň we ugradýan adamlaryň garaşýan ýeri ýerleşdirilipdir.

Gidiş zaly 120 orna niýetlenendir. Bu ýerde enäniň we çaganyň otagy, kafeteriý we namaz okalýan otag bar. Ol üpjün etmekde dolulygyna özbaşdakdyr. Şeýlelikde, terminalda fiziki mümkinçiligi çäkli bolan adamlar bilen birlikde, ähli ýolagçylar üçin has oňaýly ýagdaýlar döredilipdir. Mümkinçiligi çäkli adamlara oňaýly rampalar we panduslar, bosagasyz geçelgeler göz öňünde tutulypdyr.