Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşginini saçdy

Sene : 29.09.2020


26-njy sentýabr agşam Tbilisiniň telewizion diňi Türkmenistanyň Döwlet tugunyň reňkiniň öwüşgini saçdy.

Bu dostlukly çäräni Türkmenistanyň Ilçihanasyň ýardam bermeginde Tbilisiniň meriýasy gurady we ol Gruziýanyň halkynyň türkmen halkyna hem-de onuň taryhynyň şanly senesine – ýurdumyzda şu gün bellenilýän Garaşsyzlyk baýramyna hormatynyň nyşany boldy.