Türkmenistan “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy

Sene : 22.01.2021


18-nji ýanwarda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi Russiýanyň göni maýa goýumlary gaznasynyň goldaw bermeginde Gamalei adyndaky ylmy-barlag merkeziniň alymlary tarapyndan döredilen “Sputnik V” sanjymyny bellige aldy hem-de degişli şahadatnamany berdi.

Şeýlelikde, Türkmenistan Merkezi Aziýada bu sanjymy öz çäginde ulanmagy resmi taýdan makullan ilkinji döwlet boldy hem-de ony hasaba alan döwletleriň birinji onlugyna girdi.

Bu ýagdaý ýokanç kesellere garşy göreşmekde hem-de köptaraplaýyn ylmy-lukmançylyk gatnaşyklaryny berkitmekde nobatdaky ädim boldy. Milli Liderimiz şol gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly üns bermek bilen, bu ulgamda halkara başlangyçlaryny öňe sürüp, Birleşen Milletler Guramasynyň ýöriteleşdirilen düzümleri, şol sanda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy bilen işjeň hyzmatdaşlygy saklaýar.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Hökümeti tarapyndan BMG-niň agentlikleri bilen özara gatnaşyklaryň netijesinde Türkmenistanyň ýiti ýokanç kesellere garşy göreşmäge we täsir etmäge taýýarlygyny üpjün etmegiň meýilnamasy taýýarlanyldy. Hormatly Prezidentimiz 2020-nji ýylyň maýynda gol çeken Karary bilen şol resminamany tassyklady. Şol meýilnamanyň çäreleri Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň, BMG-niň dürli agentlikleriniň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň hem-de dürli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň goldaw bermeginde işjeň ornaşdyrylýar.

Halkyň saglygy we abadançylygy baradaky alada milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýar. Bu alada bilen keselleriň öňüni almak boýunça wezipeleri çözmäge, ilatyň ählumumy immunlaşdyrma taslamalaryna, köpçülikleýin bedenterbiýe-sport hereketini ösdürmäge hem-de sagdyn-durmuş ýörelgesini wagyz etmäge diňe jogapkärli we hemmetaraplaýyn çemeleşme bilen şertlendirilendir.