Türkmenistan dünýäniň iň howpsuz ýurdy hökmünde ykrar edildi
Sene : 04.11.2020
«Gallup» halkara barlaglar merkezi kanunyň we tertibiň düzülen
indeksiniň esasynda Türkmenistany dünýäniň iň howpsuz ýurdy diýip ykrar
etdi. Bu merkeziň geçirýän soraglarynyň netijeleri jemgyýetçilik
pikiriniň ýagdaýy baradaky maglumatlaryň has ygtybarly çeşmeleriniň biri
hasaplanylýar. Bu hoş habar bu gün bütin dünýä dolup, eziz Watanymyzyň
hem-de milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň abraýyny has-da
belende galdyrdy.
Ykdysadyýet we dünýä institutynyň barlaglarynyň
netijelerine laýyklykda, geçen ýyl ýurdumyzyň dünýäniň iň howpsuz
döwletleriniň hataryna girendigini nygtamalydyrys, şol maglumatlar
«Terrorçylygyň global indeksi 2019-da» çap edildi. Türkmenistan şu
ugurdaky işlerini soňky birnäçe ýylyň dowamynda durmuşa geçirip gelýär.
Ýurdumyzyň
şanly senäni — hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine eýe bolmagynyň 25
ýyllygyny belleýän ýylynda bu wakanyň bolup geçmegi milli Liderimiziň
döwlet syýasatynyň üstünlige eýe bolýandygynyň nobatdaky ajaýyp
subutnamasydyr. Halkymyzyň abadan durmuşy, ata Watanymyzyň rowaçlygy,
gyzyklanma bildirýän taraplaryň ählisi bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň pugtalandyrylmagy üçin şertleri döretmäge gönükdirilen
oňyn özgertmeler döwlet Baştutanymyzyň syýasatynyň özenini düzýär.
Bitaraplyk
ýoluny seçip almak bilen, bu gün ýurdumyz hormatly Prezidentimiz
Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ösüşiň ýokary depginlerini,
eziz Diýarymyzda parahatçylygy, asudalygy üpjün etmäge hem-de sebitde
durnuklylyk we howpsuzlyk meselelerine örän jogapkärli çemeleşmeleri
görkezýär.
Türkmenistanyň bu täsin derejesiniň özboluşly alamaty diňe
bir onuň dünýä bileleşigi tarapyndan makullanandygy hem-de
goldanylandygy bilen däl, ýurduň daşary syýasy ugruny durmuşa geçirmegiň
tejribesi, oňa mahsus bolan milli we halkara bähbitleriň sazlaşygy
bilen hem baglanyşyklydyr.
Parahatçylyk, hoşniýetlilik,
ynsanperwerlik, dünýäniň döwletleri we halklary bilen özara bähbitli
gatnaşyklary ileri tutmak ýörelgelerine ygrarly bolan ýurdumyz özüniň
amatly geosyýasy we geoykdysady kuwwatyny umumadamzat bähbitlerini
hem-de ösüşi üpjün etmäge gönükdirýär.
Birleşen Milletler Guramasynyň
Baş Assambleýasynyň 73-nji mejlisinde biragyzdan kabul edilen Kararnama
laýyklykda, «Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan
edilen 2021-nji ýyl dünýä bileleşigine sebit howpsuzlygynyň,
durnuklylygyň hem-de okgunly ösüşiň, ýurduň we halkyň abadançylygynyň
möhüm şerti hökmünde türkmen Bitaraplygynyň ähmiýetini hem-de ornuny has
doly açyp görkezer.
Munuň özi Türkmenistanyň halkara abraýynyň
has-da belende galmagyna, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
Watanymyzy Aziýada hem-de tutuş dünýäde syýasy täsiriň, ykdysady
durnuklylygyň hem-de medeni babatda özüne çekijiligiň merkezleriniň
birine öwürmäge gönükdirilen strategiýasynyň durmuşa geçirilmegine
ýardam eder.