Türkmenistana gelmegiň wagtlaýyn çäklendirme möhleti uzaldyldy

Sene : 10.01.2021



Dünýädäki çylşyrymly epidemiologik ýagdaýy nazara alyp, Türkmenistanyň hökümeti tarapyndan rugsat berlen aýratyn ýagdaýlardan başga ýagdaýlarda, ýurda gelmegiň wagtlaýyn çäklendirme möhleti 2021-nji ýylyň 20-nji ýanwaryna çenli uzaldyldy.
ORIENT agentliginiň habar berşi ýaly, mundan ozal Türkmenistana gelmegiň wagtlaýyn çäklendirme möhleti 2020-nji ýylyň ahyryna çenli bellenilipdi.