Türkmenistanda «Saglyk» akylly sagady öndüriler

Sene : 22.01.2021


Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi tarapyndan döredilen «Agzybirlik Tilsimaty» şereketi şu ýyl akylly sagat önümçiligine başlaýar. Akylly sagadyň ýerine ýetirýän hyzmatlarynyň saglyk bilen baglanyşyklydygy nazara alnyp, ýerli öndürijiniň ony «Saglyk» diýip atlandyrmaklygyna garaşylýar.

    Täze mehaniki enjamyň (gadjetiň) esasy aýratynlygy, onuň beden ýagdaýyny görkezijiler – ýürek işleýşini, bedeniň gyzgynlygyny, gan basyşyny we kislorod bilen doýma derejesini ýazyp maglumat alýan programma bilen üpjün edilmekligidir. Milli akylly sagat sport režimini, tigir sürülende onuň tizligini, sport türgenleşiginiň bolsa intensiwligini kesgitlemäge mümkinçilik berer.

    Diametri 42 millimetr boljak milli akylly sagadyň tegelek plastik korpusy bolar, ýöne plastik örtük bilen deňeşdirilende, onuň keramikadan bolan arka ýüzi signallaryň ýüregiň kardiogrammasyny has takyk okamagyny üpjün eder.

    Döwrebap «Saglyk» akylly sagadynda öňünden gurnalan ýönekeý sagat ýüzi we nusgawy displeýi bolar, şeýle hem onda displeýi öz islegiň boýunça döretmäge mümkinçilik bolar.

Ulanyjy ýerli mehaniki enjamyň (gadjet) interfeýsine üç dilde – türkmen, rus we iňlis dillerinde girip biler.

Milli akylly sagat, eýýäm öz döwletleriniň çäginde türkmen önümlerini ýerleýji hökmünde çykyş etmäge isleg bildirýän daşary ýurt kompaniýalaryny gyzyklandyrdy.

«Agzybirlik Tilsimaty» şereketi, esasan, içerki we sebit bazaryndaky zerurlyklary kanagatlandyrmaklyga gönükdirilendir, ýöne eksport mümkinçilikleri has giň geografiýany gurşap biler.

Türkmenistanda «Saglyk» akylly sagady 2021-nji ýylyň ýazynda satuwa çykarylar.