Türkmenistanda sekiz we şondan köp çagaly maşgalalara täze öýleriň açarlary gowşuryldy

Sene : 10.03.2022


Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Halkara zenanlar güni mynasybetli sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýeläp ýetişdiren eneleri hormatlamak dabarasy boldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, olara «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Şeýle hem köp çagaly maşgalalara ähli amatlyklary bolan täze ýaşaýyş jaýlarynyň açarlary gowşuryldy. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berilýär.

hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Permanyna laýyklykda, türkmenistanly zenanlaryň 300-e golaýyna «Ene mähri» diýen hormatly at dakyldy. Bu at enäniň jemgyýetiň we döwletiň öňünde bitiren hyzmatlarynyň, zenanlaryň Watanyň gülläp ösmegine goşan saldamly goşandynyň ykrar edilmeginiň beýik nyşanydyr.

Köp çagaly maşgalalary goldamaga, şol sanda olaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga döwletimiz aýratyn üns berýär. Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly maşgalalar ýokary amatlyklary bolan täze öýlere eýe boldular hem-de uly ruhubelentlik bilen jaý toýlaryny toýladylar.

Dabara gatnaşyjylar Türkmenistanyň ähli zenanlarynyň adyndan Hormatly Arkadagymyza ýurtda özgertmeleriň amala aşyrylýandygy, bagtyýar durmuş üçin ähli şertleriň döredilýändigi, ösüp gelýän ýaş nesiller barada alada edilýändigi, jemgyýetimizde belent ruhy we ahlak gymmatlyklarynyň goralyp saklanýandygy üçin tüýs ýürekden hoşallyklaryny beýan etdiler.

Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda ministrliklerde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda we olaryň düzüm bölümlerinde, edaralarda hem-de guramalarda, eýeçiliginiň görnüşine garamazdan, ähli kärhanalarda zenanlara Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan pul sowgatlaryny gowşurmak dabaralary geçirildi. Däp bolşy ýaly, sowgatlar dürli ýaşdaky zenanlara, şol sanda talyplara, mekdep okuwçylaryna hem-de mekdebe çenli çagalar edaralarynda terbiýelenilýän gyzjagazlara gowşuryldy.

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanyna laýyklykda, «Ene mähri» diýen hormatly ada eýe bolan sekiz we şondan köp çagany dünýä inderen hem-de terbiýelän eneleri sylaglamak, köp çagaly maşgalalara ýokary amatlyklary bolan öýleriň açarlaryny gowşurmak dabaralary ýurduň ähli welaýat merkezlerinde hem geçirildi.