Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 25 ýyllygy: şanly senäniň hormatyna täze saýt döredildi

Sene : 04.11.2020


Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça işlenilip düzülen 2020-nji ýylyň 11-12-nji dekabrynda Aşgabatda geçiriljek ýokary derejeli forumyň resmi ulgamy Daşary işler ministrligi tarapyndan türkmen, iňlis we rus dillerinde taýýarlanyldy.

Täze saýtyň baý mazmuna eýe bolmagy üçin milli Liderimiziň: «Biziň ýurdumyz Bitaraplygynyň şanly baýramyny dünýä bileleşigindäki dostlary we hyzmatdaşlary bilen bilelikde parahatçylyk we döredijilik, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak we düşünişmek esasynda giňden belleýär. Biz öz geljegimizi we öňümizde durýan wezipeleri aýdyň görýäris. Döwletimiziň saýlap alan we halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmäge gönükdirilen köpugurly syýasaty geljege uly ynam bilen garamaga bize doly mümkinçilik berýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap, parahatçylyk söýüji Türkmenistan Ýer ýüzünde asudalygy we howpsuzlygy berkitmek üçin geljekde hem ähli zerur işleri amala aşyrar. Adamzadyň ösüşine we öňe gitmegine öz mynasyp goşandyny goşar» diýen sözleri giriş sözi hökmünde alyndy.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şu sözleri hem täze saýtyň konsepsiýasyny we many-mazmunyny kesgitleýär. Saýtyň baş wezipesi şol maslahata, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň şanly 25 ýyllygyny baýram etmäge bagyşlanan iri çärelere, bu şanly sene bilen bagly möhüm wakalara taýýarlyk görlüşini we barşyny beýan etmekden ybaratdyr.

Şu web-sahypada hem degişli görnüşleri dolduryp maslahata gatnaşmaga elektron görnüşde arza bermek bolýar we şahsy maglumatlar işlenilenden soňra onlaýn görnüşde hasaba aldyryp bolýar.

Saýt www.neutrality.gov.tm salgy boýunça ýüzlenen her bir isleg bildirene halkara forum hem-de onuň iş maksatnamasy barada giňişleýin bilmäge, şeýle hem Türkmenistan, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary, ösüş strategiýasy hem-de ykdysadyýeti we durmuş ulgamyndaky üstünlikler barada umumy maglumatlary, şol sanda saglygy goraýyş, bilim we ylym ulgamyndaky gazanylanlar barada umumy maglumatlary almaga mümkinçilik berýär