Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda
Sene : 24.09.2021
«Türkmenistan —
parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» ýyly diýlip yglan edilen 2021-nji
ýylda mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz
Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär.
Dostlukly ýurtlarda çap edilen neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň
taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda,
medeniýetde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berilýär.
Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli
hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleriniň arasynda
hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky
makalalar çap edildi.
Daşary ýurt neşirleriniň ýörite sanlarynyň çap edilmegi halkara
bileleşigiň Türkmenistana uly mümkinçiliklere, baý serişde hem-de
ykdysady gorlara, şeýle hem täsin taryhy-medeni mirasa eýe bolan ýurt
hökmündäki barha artýan gyzyklanmasynyň ýene bir aýdyň subutnamasy
boldy.