Türkmenistanyň Prezidenti «Aşgabat-siti» döwrebap ýaşaýyş toplumynyň gurluşygyna badalga berdi

Sene : 27.05.2021


Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyz Aşgabadyň esaslandyrylmagynyň 140 ýyllygy mynasybetli “Aşgabat-siti” atly döwrebap ýaşaýyş toplumynyň düýbüniň tutulmagyna bagyşlanan dabara gatnaşdy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde bellenilip geçildi.

Dabara gatnaşan milletiň Lideri 2013-nji ýylda döredilen Aşgabat şäheriniň gününiň taze mazmun bilen baýlaşdyrylýandygyny belledi. Türkmenistanyň Prezidenti paýtagtymyzyň demirgazygynda iri döwrebap ýaşaýyş toplumynyň binýadynyň tutulýandygyny belledi.

«AŞGABAT-SITI» TASLAMASY SANLARDA:

  • Umumy meýdany 744 gektar bolan bu ägirt uly toplum “şäheriň içindäki şäher” diýlip atlandyrmak bolar.
  • Bu ýerde dürli maksatly binalaryň 240-dan gowragy gurlar.
  • Taslamanyň çäklerinde etrap häkimliginiň, edara binalaryň we beýleki durmuş maksatly desgalaryň köp sanlysy gurlar.
  • 1200 orunlyk 4 sany çagalar bagy, 3 müň orunlyk umumy bilim berýän 4 orta mekdep, Medeniýet öýi, 5 müň orunlyk stadionly sport toplumy bina ediler.
  • Türkmen milli konserwatoriýasynyň, ýöriteleşdirilen sazlçylyk mekdebiniň täze we döwrebap binalaryny, köpugurly hassahanany, 2 sany saglyk öýüni, şonça-da söwda-dynç alyş merkezini, dükanlardyr naharhanalary, Toý mekany, köp gatly awtoduralgalaryň 4-üsini, “Türkmenbaşy” we “Halkbank” döwlet täjirçilik banklarynyň şahamçalaryny gurmak göz öňünde tutulýar.
  • Bu ýerde kaşaň we has belent, ýagny 12-35 gatly 107 müňden gowrak ilata niýetlenen 17 müň 836 öýli 8 görnüşli 180 sany ýaşaýyş jaýlary gurmak meýilleşdirilýär.
  • Bu ýaşaýyş toplumyň esasy girelgesi aýlawly köpri görnüşli bolar. Ol demirden gurlan Türkmeniň Ak öýi şekli bilen halkymyzyň açykgöwünliliginiň, myhmansöýerliginiň hem-de dost-dogan üçin gapysynyň hemişe açyklygynyň nyşanyna öwrüler.
  • Bulardan başga-da çagalar döredijilik merkezi, seýilgähler, düzümleýin ýol-ulag ulgamynyň desgalarynyň, jemagat hojalygyny degişli binalaryňdyr inžener-kommunikasiýalar ulgamlarynyň içindäki ýollaryň gurluşygy göz öňünde tutulýar.
  • Ýakyn ýyllarda bu ýerde “Aşgabat-siti” atly döwrebap şäher peýda bolar.