Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň we Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň giňişleýin mejlisinde eden çykyşy

Sene : 25.04.2020


Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalary!

Biz şu gün Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini hem-de Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýubileý mejlisini geçirýäris. Bilelikdäki mejlise ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryny, welaýatlaryň häkimlerini, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň agzalaryny we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylaryny çagyrdyk.

Siziň bilşiňiz ýaly, şu ýyl Halkara ahalteke assosiasiýasynyň döredilenine on ýyl dolýar. Men siziň ähliňizi bu şanly sene hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy bilen gutlaýaryn! Size atçylygy ösdürmekde uly üstünlikleri arzuw edýärin.

Biz şu mejlisiň dowamynda ahalteke atçylygyny, atşynaslyk sungatyny we atly sporty halkara derejesinde ösdürmek meselelerine serederis. Şeýle hem Assosiasiýa täze agzalary kabul ederis. Ýurdumyzda we daşary ýurtlarda ahalteke atçylygyny ösdürmekde netijeli işleri alyp barýan Assosiasiýanyň agzalaryny Türkmenistanyň döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakyndaky Permanlara gol çekeris. Mundan başga-da, bu Guramanyň XI mejlisiniň geçiriljek ýerini hem-de wagtyny kesgitläris. Öňde durýan wezipeleri ara alyp maslahatlaşyp, degişli çözgütleri kabul ederis.

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň döredilenine şu ýyl 10 ýyl dolýar. Geçen ýyllaryň içinde bu ugurda köp iş edildi. Häzirki döwürde dünýäniň 34 döwletinden 155 sany ýuridik we fiziki şahs bu Guramanyň agzasy bolup durýar. Döredilen wagtyndan bäri onuň agzalary atçylygy ösdürmekde uly işleri bitirdiler. Bu bolsa, dünýäde ahalteke bedewleriniň baş sanynyň we muşdaklarynyň artmagyna oňyn täsirini ýetirýär.

Hormatly adamlar!

Asyrlaryň dowamynda türkmen topragynda kemala gelen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak boýunça häzirki wagtda ýurdumyzda giň gerimli maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär. Biz atçylyk pudagyny ösdürmek, halkara derejesinde ýaryşlary we bäsleşikleri geçirmek üçin dünýä ölçeglerine laýyk gelýän atçylyk sport toplumlaryny gurup, ulanmaga berdik.

Bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, atçylygy ylmy esasda ösdürmek üçin döwrebap edaralary döretmek, pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny has-da pugtalandyrmak boýunça hem köp işleri etdik. Atşynaslarymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmaga 680 million amerikan dollary möçberde maliýe serişdelerini goýberdik. Biz geljekde hem bu ugurda alyp barýan giň gerimli işlerimizi dowam ederis.

Siziň bilşiňiz ýaly, her ýylyň aprel aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda Türkmen bedewiniň milli baýramy halkara derejesinde giňden bellenýär. Şu baýram mynasybetli ahalteke atlarynyň halkara gözellik bäsleşigi we atçylygyň möhüm meselelerine bagyşlanan ylmy-amaly maslahat, at çapyşyklary, atly sport bäsleşikleri ýokary derejede guramaçylykly geçirilýär.

Behişdi bedewlerimiziň gözelligini şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserlerinde çeper beýan etmek boýunça döredijilik bäsleşikleri guralýar. Bu çäreler ady äleme dolan atlarymyzyň şan-şöhratyny has-da belende göterýär.

Şu ýyl biz Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri paýtagtymyz Aşgabat şäherinde, Ahal we Lebap welaýatlarynda geçirmegi meýilleşdirdik. Pursatdan peýdalanyp, men siziň ähliňizi bu baýramçylyk çärelerine işjeň gatnaşmaga çagyrýaryn.

Hormatly adamlar!

Biz Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasyny döretmek bilen, dünýäde ahalteke bedewleriniň tohum arassalygyny gorap saklamak, baş sanyny artdyrmak we şan-şöhratyny giňden ýaýmak boýunça berk binýadyň düýbüni tutduk.

Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda halk seçgisi esasynda döredilen ynsan kimin duýgur we gözelligiň nusgasyna öwrülen, ýelden ýüwrük behişdi bedewleri ösdürip ýetişdirmäge, olaryň seçgi-tohumçylyk işlerini kämilleşdirmäge aýratyn üns beripdirler. Häzirki döwürde pederlerimiziň bu ugurda alyp baran işleri türkmen atşynaslary tarapyndan mynasyp dowam etdirilýär.

Şonuň bilen birlikde, ýurdumyzda at çapyşyklaryny, at üstündäki milli oýunlary we atly sportuň beýleki görnüşlerini, şol sanda konkur, marafon bäsleşiklerini halkara derejesinde geçirmek üçin ähli şertler döredilýär.

Ýurdumyzyň welaýatlarynda dünýä ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap atçylyk- sport toplumlary, Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda bolsa Halkara ahalteke atçylyk sport toplumy gurlup, ulanmaga berildi. Şonuň bilen birlikde, at çapyşyklaryny we atly sport bäsleşiklerini halkara talaplaryna laýyklykda geçirmek üçin Halkara ahalteke atçylyk sport toplumynyň, şeýle hem Aşgabat we Lebap atçylyk sport toplumlarynyň çapuw ýodalary döwrebap ýagdaýa getirilip, olara politrek örtügi düşeldi.

Mundan başga-da, at çapyşyklaryny we atly sportuň dürli görnüşlerini, şol sanda konkur görnüşi boýunça bäsleşikleri geçirmek we at üstündäki milli oýunlary ýerine ýetirmek boýunça ussat türgenleri taýýarlamaga hem uly üns berilýär. Şu maksat bilen, Aşgabat atçylyk sport toplumynda ýörite okuw merkezi hem-de halkara ölçeglerine laýyk gelýän döwrebap açyk we ýapyk manežler guruldy.

Şeýle hem, atçylygy we atly sporty ösdürmegiň hukuk, ykdysady we guramaçylyk esaslaryny kesgitlemek boýunça degişli işler durmuşa geçirildi. Ýurdumyzda arassa ganly tohum atlaryň genofonduny gorap saklamaga gönükdirilen we atlar ösdürilip ýetişdirilende, köpeldilende hem-de ulanylanda ýüze çykýan gatnaşyklary düzgünleşdirýän «Atçylyk we atly sport hakyndaky» Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi.

Bu Kanun atçylykda alnyp barylýan tohumçylyk işini gowulandyrmak, halkara genofonduna girýän atlaryň milli tohum özenini gorap saklamak, köpeltmek we kämilleşdirmek üçin hukuk kepilliklerini döredýär. Atçylygy hem-de atly sporty ösdürmäge, şeýle hem bu ugurda ýokary netijeleri gazanmaga ýardam edýär.

Ahalteke bedewleriniň şan-şöhratyny, atşynaslyk sungatymyzy hem-de at üstündäki milli oýunlarymyzy dünýä ýaýmaga «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem mynasyp goşant goşýar. Bu topar Ýer ýüzüniň onlarça döwletinde bolup, abraýly halkara festiwallarynda behişdi bedewlerimiziň ukyp-başarnygynyň örän ýokarydygyny görkezip gelýär.

Men toparyň Moskwa we Sankt-Peterburg şäherlerinde, Italiýa döwletinde, Hytaý Halk Respublikasynda, şeýle hem Gyrgyz Respublikasynda geçirilen Halkara sirk festiwallarynda üstünlikli çykyş edip, baş baýraklara we altyn kuboklara mynasyp bolandygyny aýratyn buýsanç bilen bellemek isleýärin!

Hormatly Ministrler Kabinetiniň agzalary!
Hormatly Assosiasiýanyň agzalary!

Siziň bilşiňiz ýaly, 2017-nji ýylyň sentýabr aýynda Aşgabat şäherinde Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça geçirilen V Aziýa oýunlarynyň sanawyna ilkinji gezek atly sportuň konkur görnüşi goşuldy. Bu bolsa, ahalteke bedewleriniň atçylyk sportundaky şöhratly ýoluny mynasyp dowam etmäge we bu ugurdaky ukybyny doly açyp görkezmäge giň mümkinçilikleri döretdi.

Ýaňy hem belläp geçişim ýaly, atçylygyň gadymy mekany bolan güneşli Diýarymyzda atçylyk sportuny dünýä derejesinde ösdürmek boýunça giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.

Biz ahalteke bedewlerimiziň halkara bäsleşiklerinde üstünlikli çykyş etmegi üçin geljekde hem ähli tagallalary ederis. Sebäbi ýurdumyzda atçylyk pudagyny ösdürmek, halkymyzyň milli baýlygyna we buýsanjyna öwrülen behişdi bedewlerimiziň şan-şöhratyny has-da belende götermek, gadymy nesil ugurlaryny dikeltmek, tohum arassalygyny gorap saklamak hem-de baş sanyny artdyrmak biziň esasy wezipelerimiziň biridir.

Häzirki döwürde bu ugurda daşary ýurtly atşynaslar bilen özara bähbitli hyzmatdaşlyk has-da giňeldilýär. Atly sporty ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.

Ýurdumyzda atçylygyň we atly sportuň dürli ugurlary boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerimizde ýaş hünärmenler taýýarlanýar.

Bu ugurdan hünärmenleri halkara derejesinde taýýarlamak, şeýle hem ahalteke bedewleriniň özboluşly aýratynlyklaryny, taryhyny, seýisçilik we tohumçylyk-seçgi işlerini ylmy esasda düýpli öwrenmek maksady bilen, biz Ahal welaýatynyň täze gurulýan dolandyryş merkezinde Halkara atçylyk ýokary okuw mekdebiniň hem-de Ylmy-önümçilik merkeziniň gurluşyk işlerine başladyk.

Bu bolsa, ýurdumyzda atçylyk pudagyny halkara derejesinde ösdürmäge döwletimiz tarapyndan aýratyn üns berilýändiginiň ýene-de bir aýdyň mysalydyr.

Şeýle hem, biz türkmen we daşary ýurtly atşynaslaryň ahalteke atlaryny ösdürip ýetişdirmekde çekýän asylly zähmetine mynasyp baha berýäris. Olara Türkmenistanyň at gazanan atşynasy, Ussat halypa çapyksuwary we Halk atşynasy diýen hormatly atlary dakýarys. Biz bu ugurda alyp barýan işlerimizi mundan beýläk-de dowam etdireris.

Hormatly adamlar!

Men şu ýerde Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň türkmen, rus we iňlis dillerinde neşir edilýän «Behişdi ahalteke atlary» žurnalynyň ýurdumyzda we dünýäde ahalteke bedewleriniň ösdürilip ýetişdirilişini, taryhy we beýleki gymmatly maglumatlaryny, atşynaslarymyzyň alyp barýan işlerini giňden beýan etmekde we dünýä ýaýmakda uly işleri bitirýändigini aýratyn bellemek isleýärin.

Žurnalda ýerleşdirilýän gymmatly maglumatlar dürli ýurtlarda ahalteke bedewlerini ýetişdirmek, köpeltmek we seýislemek bilen meşgullanýan janköýerlere tejribe alyşmaga giň mümkinçilikleri döredýär.

Assosiasiýanyň agzalarynyň, atşynaslaryň hem-de bu ugurdan hünärmenleriň we bilermenleriň işini sanly ulgam esasynda utgaşdyryp alyp barmak maksady bilen, Internet ulgamynda Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň ýörite saýty hem döredildi. Bu saýt dürli ýurtlarda ösdürilip ýetişdirilýän ahalteke bedewleri baradaky maglumatlar we atçylyk pudagyndaky täzelikler bilen tanyşmaga şert döredýär. Ahalteke bedewlerine bagyşlanyp geçirilýän bäsleşikler, halkara sergileri we maslahatlary baradaky maglumatlary ýygnamaga ýardam berýär.

Hormatly adamlar!

Siziň bilşiňiz ýaly, häzirki döwürde ahalteke bedewleri syn-sypaty, gözelligi bilen muşdaklaryny özüne çekip, dünýä döwletleriniň ençemesinde ösdürilip ýetişdirilýär.

Biziň Assosiasiýamyz döredilenden bäri, behişdi bedewlerimizi ýetişdirmek isleýänleriň, onuň muşdaklarynyň ýylsaýyn artýandygy has-da buýsandyrýar. Häzirki wagtda türkmen we ençeme beýleki döwletleriň atşynaslarynyň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar.

Men şeýle halkara hyzmatdaşlygyny alyp barmakda Assosiasiýanyň möhüm ornunyň bardygyny aýratyn bellemek isleýärin. Dürli döwletleriň bu jemgyýetçilik guramasyna agza ýuridik şahslaryna we hususy atşynaslaryna alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw edýärin! Bu ugurda gatnaşyklaryň barha pugtalanjakdygyna we has-da kämilleşjekdigine berk ynanýaryn!

Aşgabat şäheri, 2020-nji ýylyň 24-nji apreli