Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üsti täze «Boeing 777 ― 200 LR» bilen ýetirildi

Sene : 25.06.2021


Türkmenistanyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkyndaky döwrebap uçarlaryň üsti täze «Boeing 777 ― 200 LR» uçary bilen ýetirildi. Kerki halkara howa menziliniň açylyş dabarasynda Prezident Gurbanguly Berdimuhamedow we dabara gatnaşyjylar täze uçaryň hem-de harby-ulag uçarynyň menzile gonuşyna syn etdiler.

Soňky ýyllarda iň täze uçarlaryň we dikuçarlaryň hasabyna ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parky yzygiderli döwrebaplaşdyrylýar. Ýurdumyzyň harby-howa güýçleriniň maddy-enjamlaýyn binýady hem pugtalandyrylýar.

Döwlet Baştutanynyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanda diňe goranyş häsiýetine eýe bolan hem-de hemişelik Bitaraplyk we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine esaslanýan Harby doktrina yzygiderli durmuşa geçirilýär.

Howa gämileriniň serkerdeleri Prezident Gurbanguly Berdimuhamedowa hasabat berýärler. Milletiň Lideri hasabatlary kabul edip hem-de olary täze howa menziliniň açylmagy bilen gutlap, uçarmanlara işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Uçuş mahalynda döwlet Baştutany ýurdumyzyň raýat awiasiýasynyň tehniki parkynyň üstüni ýetiren täze uçaryň tehniki häsiýetnamalary bilen gyzyklandy. Uçarda ýolagçylar üçin has oňaýly şertler üpjün edildi.