Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalar geçiriler

Sene : 27.02.2022


25-nji fewralda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde wise-premýer S.Toýlyýew Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu ýylyň aprel-maý aýlarynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara olimpiadalary geçirmäge görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.

Türkmenistanyň Prezidenti ýakyndan goldaw bermegi netijesinde, bilim ulgamynda uly üstünlikleriň gazanylandygy bellenildi. Bu ulgama halkara tejribesi giňden ornaşdyrylýar.

Döwlet Baştutanynyň ozal beren tabşyryklaryndan ugur alyp hem-de Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda we ony durmuşa geçirmegiň meýilnamasynda kesgitlenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady bilen, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde talyplaryň ikinji açyk halkara matematika olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde himiýa dersi boýunça halkara internet olimpiadasyny hem-de Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň guramagynda nazary mehanika dersi boýunça birinji açyk halkara internet olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Öňde boljak halkara olimpiadalara türkmen talyplary bilen bir hatarda beýleki döwletleriň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň hem gatnaşmagyna garaşylýar.

Döwlet Baştutany hasabaty diňläp, Türkmenistanyň talyplarynyň geçirilýän halkara olimpiadalara işjeň gatnaşmagynyň wajypdygyny belledi.

Milletiň Lideri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde meýilleşdirilen aň-paýhas bäsleşikleriniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmelidigini nygtap, wise-premýere bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.